Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde iş kesilen 336 raýatyň ýetip gelýän mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygyna Begenç Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.








31379-495x4352.jpg)








