Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda agyz açar sadakasyny berdiler. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.
Agyz açar sadakasyna ýurduň Müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular, eneler, şeýle hem köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda il bolup agyz açar sadakasyny bermegiň sogap işdigini belläp, aýat töwürleriň okalýandygyny, beýik Biribardan ýagşy dilegleriň edilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Müftüsi tebärek çykyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän agyz açar sadakalarynyň beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
Tebärek çykylandan soňra agyz açar sadakasyna gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi.

















