Owganystan Türkmenistandan üstaşyr Lazurit geçelgesi arkaly haryt eksportyny işjeňleşdirýär

BT
Owganystan Türkmenistandan üstaşyr Lazurit geçelgesi arkaly haryt eksportyny işjeňleşdirýär
Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedindäki Turgundy gury porty (Surat: "Ariana News")

Owganystan Türkmenistanyň üsti bilen geçýän Lazurit geçelgesi arkaly öz önümleriniň eksportyny işjeňleşdirýär.

Owganystanyň Ulag we raýat awiasiýasy ministrliginiň maglumatlaryna görä, türkmen-owgan serhedindäki Turgundy gury porty arkaly sekiz sany ýük eksporta ugradyldy. Bu barada “Ariana News” ýekşenbe güni habar berdi.

Ýükleriň düzümine guradylan miweler, mürepbe, basyşly gazanlar hem-de energiýa içgileri girýär. Ýükler Türkiýä ýetirilenden soňra, olaryň Saud Arabystany Patyşalygynyň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň we Niderlandlaryň bazarlaryna gaýtadan eksport edilmegi meýilleşdirilýär.

2018-nji ýylda işe girizilen Lazurit geçelgesi Owganystany Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropanyň bazarlary bilen baglanyşdyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022