Aşgabatda IFT 2026 halkara forumy öz işine başlady

BT
Aşgabatda IFT 2026 halkara forumy öz işine başlady
“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2026) atly halkara forum, 2026-njy ýylyň 18-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2026) atly halkara forum öz işine başlady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli serginiň çäklerinde geçirilýän IFT 2026 forumyna Türkmenistanyň hökümet agzalary, ýurtda dürli ugurlarda iş alyp barýan işewürler, GDA ýurtlaryndan, Ýewropadan, Türkiýeden, Günorta-Gündogar Aziýadan, Demirgazyk Ýewropadan wekiller gatnaşýarlar.

“TMT Consulting Group” konsalting kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gurnalan forumyň işewürlik maksatnamasy senagat, oba hojalygy, gurluşyk, logistika we innowasion taslamalary öz içine alýar.

Forumyň maksady — Türkmenistanyň bazarynda iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt maýadarlaryny, halkara maliýe institutlarynyň wekillerini hem-de iri kompaniýalary bir ýere jemlemekden ybaratdyr.

Forumyň dowamynda gatnaşyjylara häzirki zaman maýa goýum teklipleri hödürlenilýär, şeýle hem göni daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyrmaga we bilelikdäki, şol sanda sebit ähmiýetli taslamalary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylýar.

Forumyň çäklerinde “B2B” we “B2G” görnüşindäki duşuşyklaryň geçirilmegine we olaryň netijeleri boýunça möhüm resminamalar toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС