Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde CNPC-niň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde CNPC-niň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan we CNPC-niň wekilleri, Pekin, Hytaý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparynyň çäklerinde ýurduň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri nebitgaz pudagynda özüni Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen CNPC-niň möhüm ornuny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen “CNPC-niň” hyzmatdaşlygyna şu ýyl 20 ýylyň dolýandygyny aýdyp, bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Hytaýyň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi netijesinde müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilendigini aýtdy.

Daý Houlýan Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardygyny tassyklap, ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna hemişe jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

2022
ENG TM РУС