Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow 2026-njy ýylyň 17-nji martynda Tbilisi şäheriň taryhy merkezi bolan Abanotubanide geçirilen Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy habar berdi.
Çäre şäher häkimliginiň goldaw bermeginde geçirilip, oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkiýäniň diplomatik wekilhanalary, şeýle hem diasporalar we medeni merkezleriň wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň ilçihanasynyň milli äheňde bezelen medeni zolagynda myhmanlar ýurduň baý medeni mirasy bilen tanyşdylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem milli egin-eşikler, şaý-sepler, elde dokalan haly önümleri, suratlar we sowgatlyk önümler görkezildi.
Ekspozisiýa milli tagamlar we süýjülikler bilen birlikde, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” atly şygaryna bagyşlanan aýratyn diwarlygy hem öz içine aldy.
Habarda bellenilişi ýaly, Nowruz gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň durmuşynyň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Nowruzyň däpleri her bir milletiň özboluşlylygyny görkezip, halklaryň arasynda dostlugy, agzybirligi, parahatçylygy we özara ynanyşmagy berkitmäge hyzmat edýär.
Baýramçylyk çäresi milli aýdym-sazlara we tanslara beslenen konsert maksatnamasy bilen tamamlandy we bu çärä gatnaşyjylarda baharyň şatlyk-şowhun duýgularyny döretdi.

















