Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar

BT
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa dünýäniň musulmanlary üçin sahawatlylygyň we asyllylygyň nyşany bolup durýan Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny ugratdylar.

Şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif, Owganystanyň Premýer-ministri Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha, Türkmenistandaky Apostol nunsiýasy Marek Solçinskiý Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutladylar.

Dünýä Liderleri gutlag hatlarynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.

2022
ENG TM РУС