Türkmenistanda mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli, anna güni Oraza baýramy bellenilýär. Bu baýram mynasybetli Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Aşgabat şäherinde Baýram namazy okaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow adamzadyň ahlak we ruhy tämizligini dünýä ýaýýan iň gadymy baýramlaryň biri bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip we nesilden-nesle geçirilip gelinýän Oraza baýramy ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrýar. Bu baýramyň ägirt uly ähmiýeti biziň günlerimizde has aýdyň duýulýar” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.
“Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy giňden bellenilýän ýylda-da beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýynda parz hem-de wajyp ýörelgelerden ugur alnyp, agyz beklendi, tarawa namazlary okalyp, il-ýurduň asudalygy, abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda aýtdy.
Oraza baýramy tutuş dünýädäki ähli musulmanlar tarapyndan bellenilýär we ol Mukaddes Remezan aýynyň tamamlanandygyny görkezýär.

















