Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 1 milliard 555 million 766 müň ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär.
2026-njy ýylyň fewral aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 725 million 846 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Haryt dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň Hytaýa jemi 1 milliard 300 million 862 müň dollarlyk önüm iberdi. Şol bir döwürde Hytaýdan import edilen harytlaryň möçberi takmynan 254 million 904 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 10 milliard 46 million 52 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

















