Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň “CGTN” teleýaýlymyna interwýu berdi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň “CGTN” teleýaýlymyna interwýu berdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "CGTN" teleýaýlymyna interwýu berýär, Hytaý.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň “CGTN” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke interwýu berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow alypbaryjynyň Türkmen-hytaý ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy boýunça beren soragyna jogap berip, Hytaýyň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan güninden bäri hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminamalara gol çekilendigini aýtdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Hytaýyň nebitgaz pudagynda, agrosenagat toplumynda, daşary-syýasy, söwda-ykdysady, ulag-logistika, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etýändigini belläp, 2007-nji ýyldan häzirki döwre çenli iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 20 esse artanygyny aýtdy.

Interwýuda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şäher gurluşygynda ysnyşykly kooperasiýa, häzirki zaman “akylly” şäher üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge hem taýýardygyny aýtdy we bu ugurda Hytaýyň dünýäde öňdebaryjy ýurt hökmünde ykrar edilýändigini nygtady. “Hyzmatdaşlyk etmegiň gün tertibinde ýokary tehnologiýalar, telekommunikasiýalar we kosmonawtika pudaklary hem bar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Mundan başga-da Gurbanguly Berdimuhamedow alypbaryjynyň “Siz hyzmatdaşlyk etmegiň örän möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika pudagyny agzap geçdiňiz. Bu ulgamda işler nähili alnyp barylýar?” diýen soragyna jogap berip, 2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 460 milliard kub metre golaý tebigy gazyň iberilendigini mälim etdi. “Häzirki döwürde biz her ýylda iberilýän gazyň möçberini 65 milliard kub metre çenli artdyrmagyň üstünde bilelikde işleýäris” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow alypbaryjynyň iki ýurduň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada beren soragyna jogap berip, häzirki wagtda Hytaýda Türkmenistanyň we Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet merkezlerini açmak barada gepleşikleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýädäki häzirki ýagdaýa barada berlen soraga jogap berip, häzirki ýagdaýyň çylşyrymly dygyny we ony kadalaşdyrmak, gapma-garşylygy aradan aýyrmak, medeniýetli gepleşikler ýoluna geçmek üçin mümkinçilikler bar diýip hasaplaýandygyny nygtady. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň gurallary we mümkinçilikleriniň bardygyny, olary ulanmagyň zerurdygyny belledi.

“Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan gapma-garşylyklara goşulmaýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usulyny kabul etmeýär” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Soňra alypbaryjy He Ýanke türkmen halkynyň Milli Liderinden teleýaýlymyň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen Ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrmagyny haýyş etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde meşhurlyk gazanan “CGTN” teleýaýlymynyň Ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

2022