Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentini Türkmenistanda geçiriljek sammitlere gatnaşmaga çagyrdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentini Türkmenistanda geçiriljek sammitlere gatnaşmaga çagyrdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde şu ýylyň güýzünde möhüm sammitleriň — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini aýtdy we Prezident Şawkat Mirziýoýewi ýokary düzümli wekiliýete ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, bu sammitlerde derwaýys meseleleriň giň toplumy boýunça içgin pikir alyşmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem iki sammitiň hem çäklerinde iri medeni-ynsanperwer çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine geçip, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň netijeli işini kanagatlanma bilen bellediler. Ykdysady hyzmatdaşlykda energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklar strategik ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ylym hem-de bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny aýdyp, medeni alyşmalary, özara Medeniýet günlerini, bilelikdäki sungat festiwallaryny, beýleki medeni çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmäge iki ýurduň hem taýýardygyny tassykladylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-biregi Oraza baýramy hem-de ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
 

2022
ENG TM РУС