Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Palwanow ÝB-niň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekiliniň edarasynyň başlygy Wiwian Lunela bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar hyzmatdaşlygyň amaly taraplaryny hem-de mümkin bolan ýokary derejedäki duşuşyklaryň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, Ýewropa tarapy öz raýatlarynyň Eýranyň çäginden çykarylmagynda Türkmenistanyň beren goldawyna ýokary baha berdi we onuň ynsanperwer ugurda ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny belledi.
Taraplar energetika ulgamyny, ulag arabaglanyşygyny, strategiki çig mal serişdelerini, ylmy-barlag işlerini hem-de howa gün tertibini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlediler.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler indiki ädim hökmünde taraplaryň degişli edaralarynyň we institutlarynyň arasynda göni hyzmatdaşlyk üçin netijeli platformany döretmegiň zerurdygyny bellediler we onuň syýasy ylalaşyklardan bilelikdäki başlangyçlaryň amaly ýerine ýetirilişine geçmäge gi[ mümkinçilik döretjekdigini aýtdylar.
Şeýle hem türkmen ilçisi Niderlandlar Patyşalygynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Piter Ýan Kleýweg de Zwaan, Şwesiýa Patyşalygynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Mikaela Kumlin Granit, Malta Respublikasynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Neil Kerr we Polşa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Agneşka Bartol bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

















