EA-dan ýokary derejeli peýda almak üçin netijeli prompt ýazmagyň usuly

BT
EA-dan ýokary derejeli peýda almak üçin netijeli prompt ýazmagyň usuly
Emeli Aň boýunça sergi (Surat: "Globallookpress")

Biz taryhy tehnologik özgerişleriň döwründe ýaşaýarys. Emeli aň (EA) eýýäm biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bilermenler onuň adamzada we döredýän hakykatymyza täsiriniň has-da artjakdygyna ynanýarlar. EA indi diňe bir tehnologiýa däl – eýsem ol umumy alanyňda bilimiň, işewürligiň we jemgyýetiň ösýän täze gurşawydyr.

Alymlar EA-nyň jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda ulanylmagyna garaşylýan esasy tehnologiýa hökmünde garaýarlar. Emeli aň köp adamlaryň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmaga we howanyň üýtgemegi we saglyk ýagdaýy ýaly global meseleleri çözmäge kömek etmäge mümkinçilik berýär.

Emma köplenç ýeterlik baha berilmeýän möhüm bir ýagdaý bar: emeli aň diňe siz oňa näderejede dogry görkezme berseňiz, şonça-da peýdalydyr. Köp halatlarda adamlar EA-dan lapykeç bolýarlar we: “Ol gowşak jogap berýär”, “Ol maňa düşünmeýär” diýýärler. Ýöne mesele köplenç EA-da däl-de, görkezmäniň nähili düzülendiginde bolýar.

Şuňa düşünmek möhümdir: EA-nyň berýän netijesi diňe onuň mümkinçiliklerine däl, eýsem adamyň onuň bilen nähili gürleşýändigine hem gönüden-göni baglydyr. Hut şu ýerde esasy başarnyk ýagny, berilýän prompty (prompt — görkezme) dogry düzmek ukyby ýüze çykýar.

Prompt — bu diňe bir görkezme bolman, eýsem ol pikirleniş usulydyr. Bu meseläni anyk goýmak, pikirleriňi tertiplemek we nähili netijäni isleýändigiňi düşünmek ukybydyr.

Dogry düzülen prompt — bu anyk, düşnükli we oýlanyşykly görkezmedir. Ol emeli aňa meseläni has gowy düşünmäge, ýalňyşlyklardan gaça durmaga we mümkin boldugyça takyk hem peýdaly netijäni bermäge kömek edýär. Dogry düzülmedik prompt bolsa, tersine, bulaşyk, ýüzleý, hatda nädogry jogaplara getirýär.

Geljekde EA hemmeler üçin elýeterli bolar. Emma onuň bilen netijeli işleşmegi başarýan taraplar bu ýagdaýdan iň köp peýda gazanyp bilerler.

Dogry prompt ýazmak ukyby wagty tygşytlaýar, işiň hilini ýokarlandyrýar we täze mümkinçilikleri açýar. EA-ny ulanmak bilen talyplar çylşyrymly mowzuklara has çalt düşünip bilerler, mugallymlar ýokary hilli okuw materiallary döredip bilerler, işewürler bolsa has takyk we esasly kararlar kabul edip biler.

Dogry, anyk, düşnükli prompt ýazmagy başarýan adam has çalt öwrenmäge, çuňňur seljermäge, ýokary hilli çözgütleri döretmäge we näbellilik şertlerinde has takyk kararlary kabul etmäge ukyplydyr.

Şeýlelikde biz täze sowatlylygyň — prompt sowatlylygynyň bosagasynda durus diýip, bileris. Ozal ýazmak başarnygynyň jemgyýetiň ösüşiniň esasyna öwrülişi ýaly, häzirki wagtda hem EA bilen “gürleşmek” başarnygy bäsdeşlige ukyplylygyň esasyna öwrülýär.

Ýakyn ýyllarda bu adamlary iki topara, ýagny EA-ny ýüzleý ulanýanlara we onuň kömegi bilen öz mümkinçiliklerini giňeldýänlere böler.

Esasy mesele indi EA-nyň adamyň ýerini çalşyp-çalşamazlygynda bolman, eýsem adamyň onuň bilen netijeli bilelikde işläp bilmegindedir. Bu soraga jogap bolsa ýönekeý bir başarnykdan, dogry görkezme berip başarmakdan başlanýar.

Aslynda, promptlar bilen işlemek ukyby okamak, ýazmak we maglumatlary seljermegi başarmak ýaly wajyp sowatlylygyň täze bir görnüşine öwrülýär. Şonuň üçin emeli aň bilen dogry “gürleşmegi” başarýan adam okuwda, işde we ösüşde uly artykmaçlyk gazanýar.

Häzirki wagtda emeli aň hat ýazmak, çylşyrymly temalary düşündirmek, işewürlikde kömek etmek we hatda programmirlemek ýaly köp işi ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Şeýle-de bolsa, onuň peýdalanylyşynyň netijeliligi doly derejede siziň öz pikiriňizi dogry görnüşde beýan edip bilmegiňize baglydyr.

EA-dan güýçli netije almak üçin promptlary dogry düzmegi öwrenmek zerurdyr.

Ýönekeý dil bilen aýdanyňda prompt — bu siziň emeli aňa näme etmelidigini düşündirmek üçin berýän görkezmäňizdir. Bu şulardan ybarat bolup biler:

  • Sorag;
  • haýyş;
  • görkezme;
  • tabşyryk.

EA adam ýaly “pikir” etmeýär – ol:

  • Teksti giňişleýiň düşündirýär, ýöne onuň manysyna “hakykatdan” düşünmeýär;
  • kanunalaýyklygy gözleýär;
  • siziň berýän sogargyňyza/görkezmäňize esaslanyp jogap düzýär we diňe siziň soragyňyza laýyk gelýän jogaby çaklaýar.

Şonuň üçin siziň görkezmäňiz nähili takyk bolsa emeli aňyň hem jogaby şonça-da “akylly” bolýar.

Mysal üçin, eger siz: “Bir zatlar et” diýseňiz — netije tötänleýin bolar. Emma “ABŞ-da onlaýn bilim ulgamynyň seljermesini mysallar we netijeler bilen taýýarla” diýseňiz — takmynan taýýar analitiki iş alarsyňyz.

Ozal kompýuteri “işletmek” üçin kod ýazmak zerurdy. Indi programmalaşdyrmada siz belli bir anyk buýruklary ýazýarsyňyz, emma emeli aňda — meseläni sözler bilen düşündirýäňiz. Ýönekeý sözler bilen aýdanda programmalaşdyrma — bu takyk görkezmek, promptlar bolsa — meseläni sowatly düşündirmekdir.

Ynha size gowy prompty düzmegiň 5 sany ýönekeý düzgüni. Bu ýönekeý formula hemişe diýen ýaly işleýär:

Hakyky durmuşdan mysallar

Gowy prompty nädip düzmeli (ädimme-ädim):

  • 1-nji Ädim: Kim? - Sen — bilermen / mugallym
  • 2-nji Ädim: Näme etmeli? - Düşündir / döret / seljer
  • 3-nji Ädim: Kim üçin? – täze başlanlar üçin / biznes üçin
  • 4-nji Ädim: Nähili beýan etmeli? – sanaw görnüşinde / makala görnüşinde

Ulanyjylar köplenç şu aşakdaky ýalňyşlyklary goýberýärler:

  • Örän umumy sorag - EA size näme gerekdigini düşünmeýär;
  • Belli bir anyk zadyň ýoklugy  - jogap “düşnüksiz” bolar
  • Örän köp talap - EA “bulaşar”

Birinji gezekden kämil jogaba garaşmak - (Aslynda anyk görkezme bermek gerek: Ýönekeýleşdir; mysallar goş; jogaby çuňlaşdyr)

Iş ýüzünde, emeli aň bilen dialog arkaly gürleşilen ýagdaýynda iň gowy netijeleri gazanyp bolýar. Has takygy: - Sorag berdiňiz - Jogap aldyňyz - Anykladyňyň- Gowulandyrdyňyz.

Eger siz soragy nähili düzmelidigini bilmeýän bolsaňyz, onda EA-dan soraň. Mysal üçin: “Bu mesele üçin iň amatly prompty ýaz: [siziň meseläňiz]”.

Häzirki wagtda prompt ýazmak ukyby:

  • täze başarnyk
  • täze sowatlylyk
  • has çalt işlemek üçin täze usul

Soraglary dogry bermegi başarýan adam — has gowy jogaplary alýar.

Gowy promptyň uniwersal nusgasy:

  • [X] Ugur boýunça bilermen hökmünde çykyş et;
  • [Y] temany içgin düşündir;
  • Şulary goş:
    • nazaryýet;
    • amaly mysallar;
    • ädimme-ädim düşündiriş;
    • adaty ýalňyşlyklar.
    • jogaby düzümleýin we düşnükli et
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022