Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri Mihail Sarjweladze bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar derman senagaty, lukmançylyk barlaglary we saglygy goraýyş ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gruziýanyň I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynda geçirilen duşuşyga Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory I.Natroşwili we I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynyň direktory M.Getiýa gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy habar berdi.
Şeýle hem taraplar dermanlyk ösümliklerini öwrenmek we saglygy goraýyşyň häzirki zaman usullaryna möhüm goşundy hökmünde fitoterapiýany ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçdiler. Duşuşykda netijeli we howpsuz derman serişdelerini işläp düzmek üçin ösümlikleriň düzümlerini ylmy taýdan öwrenmegiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Ilçi dermanlyk ösümlikleriň saglyga şypalylygynyň aýratynlyklary, olaryň ylmy we halk lukmançylygynda ulanyşy barada giňişleýin maglumatlary beýan edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly 17 jiltli kitabynyň munuň aýdyň mysalydygyny belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ugurdaş pudaklaryň arasyndaky ylmy-amaly taýdan özara gatnaşyklary berkitmegiň wajyplygyny nygtadylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmaga gyzyklanma bildirdiler.
Mundan başga-da, türkmen ilçisi 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

















