Türkmenistan, Russiýa we Owganystan täze üstaşyr geçelgäni döretmek boýunça üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýärler.
“Tolonews” agentliginiň şenbe güni habar bermegine görä, bu resminamanyň maý aýynda Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriljek “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum ” halkara forumynyň çäklerinde kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.
Täze üstaşyr geçelgäni işe girizmek başlangyjyny Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuruddin Azizi öňe sürdi. Täze geçelge boýunça ilkinji ýük daşamalaryň Tatarstandan amala aşyrylmagyna garaşylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, taslama Tatarystanyň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko tarapyndan utgaşdyrylýar.
Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Owganystan bilen serhediniň uzynlygy 800 kilometrden gowrak bolup, serhediň belli bir bölegi Amyderýa boýunça uzaýar. Iki ýurduň arasynda Ymamnazar–Akina we Serhetabat–Turgundy gözegçilik-geçiriş nokatlary hereket edýär.

















