“Ýyldyrym bady” pul tygşytlamak üçin niýetlenen ykjam goşundy hödürledi

“Ýyldyrym bady” pul tygşytlamak üçin niýetlenen ykjam goşundy hödürledi
Ulanyjy "Gapjyk” ykjam goşundysynyň hyzmatlary bilen tanyşýar (Surat: BT)

“Ýyldyrym bady” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji bolup müşderilere “Gapjyk” (cashback) ykjam goşundysyny hödürledi. Bu barada “Rysgal” gazetinde habar berilýär.

Bu ykjam goşundynyň kömegi bilen ony ulanyjylar hasaba alnan dükanlaryndan harytlary we önümleri satyn alanlarynda serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik alýarlar. Bu bolsa müşderileriň, hususan-da, ýaş maşgalalaryň netijeli maliýe goraglylygyny üpjün etmäge oňyn täsirini ýetirýär.

“Ýyldyrym bady” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşip, ol täze tehnologiýalary özleşdirmek we hyzmatlar ulgamyna hödürlemek babatda iş alyp barýar.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň hödürleýän IT hyzmatlary ulanyjylaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolýar.

Kärhananyň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, ýakyn geljekde emeli aň, blokçeýn ýaly döwrebap tehnologiýalary içgin öwrenmek we özleşdirmek hem maksat edinilýär.

2022
ENG TM РУС