Türkmenistan bilen Türkiýäniň Baş diplomatlary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

BT
Türkmenistan bilen Türkiýäniň Baş diplomatlary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 14-nji awgusty, Ankara, Türkiýe

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda 2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalaryň, iri halkara forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Ozal Türkmenistan we Türkiýe işewürlik üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegini we işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýokarlandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşypdylar.

2022
ENG TM РУС