Türkmenistan bilen Gruziýanyň alymlary milli golýazmalary öwrenýärler

BT
Türkmenistan bilen Gruziýanyň alymlary milli golýazmalary öwrenýärler
Türkmen alymlary Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkezinde ylmy-barlag işlerini geçirýärler. (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň öňdebaryjy alymlary 2026-njy ýylyň 6-njy aprelinden başlap Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkezinde giň gerimli ylmy-barlag işlerine başladylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu bilelikdäki alnyp barylýan wezipeler iki ýurduň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň arasynda ozal gol çekilen ylmy hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar.

Bir aýyň dowamynda alymlar Gruziýanyň gaznalarynda saklanýan, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna degişli bolan seýrek gündogar golýazmalaryny öwrenmek we olary toplumlaýyn seljermek boýunça işleri alyp bararlar.

Habarda bellenilişi ýaly, iki ýurduň gündogarşynas alymlarynyň arasynda gadymy golýazmalary dikeltmek, olary sanlylaşdyrmak we kataloglaşdyrmak ulgamynda hünär gatnaşyklarynyň berkidilmegi, şeýle hem edebi ýadygärlikleriň bilelikde öwrenilmegi sebitdäki halklaryň medeni ýollarynyň umumylygyna has çuňňur düşünmäge ýardam edýär.

Şeýle hem Gruziýanyň Milli golýazmalar merkezi özboluşly arhiwe eýe bolup, türkmen hünärmenleri tarapyndan onuň öwrenilmegi Gündogar edebiýatynyň we ylmynyň taryhynda täze sahypalary açmaga mümkinçilik berer.

2022
ENG TM РУС