Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 3,4 milliard manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 2 milliard 701 million 281 müň 842 manada ýetdi.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 551 million 592 müň 470 manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 26 million 837 müň 192 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.
Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 76 million 259 müň 267 manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 2 million 237 müň 407 manatdan geçdi.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 43 million 469 müň 147 manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

















