Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde täze şäherçe gurlar

BT
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde täze şäherçe gurlar
Mary şäheriniň Mary – Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň I tapgyrynyň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 17-nji apreli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak boýunça Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Gol çekilen Karara laýyklykda bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Gurluşyk we binagärlik ministrligine guruljak täze, döwrebap şäherçäniň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek, şäherçäniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin öz garamagynda Gurulýan desgalaryň direksiýasyny bellenen tertipde döretmek tabşyryldy.

2022
ENG TM РУС