Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, şu ýyl Lebap welaýaty boýunça binalaryň we desgalaryň 8-siniň açylmagy göz öňünde tutulýandygyny barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, olary bellenilen möhletinde, ýokary hilli gurup ulanmaga bermek maksady bilen, gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Wise-premýer Döwletli etrabynyň Dostluk şäherinde bilelikdäki “Türkmengips” hojalyk jemgyýetiniň ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürýän zawodynyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny belledi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan oba hojalyk pudagyny zerur bolan fosforly dökünler bilen üpjün etmek, ýurdumyzda öndürilýän mineral dökünleriň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşyk işleri dowam edýär. Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň şol sanda Lebap welaýatynyň himiýa we gurluşyk kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň, welaýatda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany wise-premýere welaýatda şu ýyl gurluşygy tamamlanmaly binalaryň we desgalaryň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini, sebitiň awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak işini dowam etdirmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mundan başga-da mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Lebap welaýatda durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 20-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 7-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 4,5 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleriniň alnyp barylandygyny aýtdy.

















