Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýewe Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda ýokary hilli ýüň ýüplüginiň önümçiligini işe girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary häzirki wagtda dokma senagaty pudagyndaky işleriň çäklerinde ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli, ýokary hilli ýüň ýüplügi öndürmek üçin zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi.
Wise-premýer munuň içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hem ýardam etjekdigini nygtady.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň öndürilýändigini belledi.
Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















