Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp ýubileý medaly dörediler

BT
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp ýubileý medaly dörediler
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýöriş, 2023-nji ýylyň 27-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Mejlisiň Başlygy häzirki wagtda degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem döwletiň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça degişli işler geçirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Mundan başga-da, mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022
ENG TM РУС