Arkadag şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň açarlary gowşuryldy

BT
Arkadag şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň açarlary gowşuryldy
Arkadag şäherindäki ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlardan täze öýleriň açarlarynyň gowşurylyşy, 2026-njy ýylyň 24-nji apreli, Türkmenistan

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli anna güni Arkadag şäherindäki ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlardan täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.

Täze öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasyna Arkadag şäheriniň edaralarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulylar, eneler, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, şular ýaly oňaýly jaýlarda ýaşamaga döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin täze jaýyň eýeleri Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, çäksiz alkyş sözlerini aýdýarlar. 

Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýyň öýlerinde döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar. Dabara gatnaşyjylar häzirki zaman jaýlarynyň otaglarynyň ýerleşdirilişine we enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler.

2022
ENG TM РУС