Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew 2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Wepa Hajiýew dabaradan soň geçirilen gysga duşuşygyň dowamynda Baş sekretara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň salamlary ýetirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şol sanda sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasyny we araçylyk işini ösdürmek, şeýle hem durnukly ösüşe ýardam bermek meselelerine, hususan-da ulag, energetika we beýleki ugurlar aýratyn üns berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajiýew BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Medeniýetler Bileleşigi boýunça ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşyk geçirdi.

















