Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şu ýylyň 24–25-nji maýy aralygynda geçiriljek “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergisi we maslahaty üçin taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu çäre maýa goýum, infrastruktura ösüşi we senagat ösüşi meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan möhüm halkara meýdançasyna öwrüler. Bu barada maslahaty gurnaýjylar şenbe güni habar berdi.
Çärä döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň we hususy pudagyň öňdebaryjy wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Köpugurly halkara sergi we maslahat taslamalara gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, gurluşyk, energetika ulgamlary we şäher infrastrukturasyny kämilleşdirmäge giň mümkinçilik berer.
Halkara çäräniň maksatnamasyna laýyklykda Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň, şol sanda UN-Habitatyň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE), BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) we UNIDO-nyň gatnaşmagynda ýokary derejeli tegelek stol maslahatlary geçiriler.
Plenar mejlisde “Çalık Holding”, “Rönesans Holding”, “Interbudmontaž” we “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyş etmegine garaşylýar.
Geçen ýyl geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata 30-dan gowrak ýurtdan 550-den gowrak wekil gatnaşdy.
Häzirki wagtda forumda gatnaşmak üçin hasaba alyş dowam edýär. Hasaba alnyşyk 2026-njy ýylyň 10-njy maýyna çenli dowam eder.

















