Britaniýanyň “AGB Energy” kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Rewzin Orta geçelgäniň, ýagny Transhazar ulag geçelgesiniň netijeli ösdürilmegi üçin bitewi we ylalaşylan strategiýanyň bolmagynyň zerurdygyny aýtdy. Bu barada Sergeý Rewzin Baku şäherinde geçirilen “Hazar we Merkezi Aziýa” atly II nebit söwda-ulag forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Report” agentligi anna güni habar berdi.
Bilermeniň aýtmagyna görä, geçelgä gatnaşyjy ýurtlar işlerini utgaşyklylyk we bitewi çemeleşmeler esasynda gurmalydyrlar. Sergeý Rewzin meňzeş düzgünleriň we standartlaryň ornaşdyrylmagy ulag-logistika amallarynyň öňünden çaklanylyşyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Mundan başga-da, “AGB Energy” kompaniýasynyň baş direktory bir ýyl üçin durnukly nyrhlary girizmek meselesini garamagy teklip etdi. Bu bolsa degişli ugur boýunça daşamalaryň durnuklylygyny we aç-açanlygyny üpjün edip biler.
Hytaýyň, Gazagystanyň, Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üstünden geçýän, Ýewropa we Aziýa yklymlaryny özara baglanyşdyrýan Halkara Transhazar ulag geçelgesi (Orta geçelge) demir we deňiz ulaglary arkaly konteýner ýük daşamalaryny amala aşyrmakda peýdalanylýar.

















