Ýanwar-mart: Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy $2,2 milliarddan geçdi

BT
Ýanwar-mart: Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy $2,2 milliarddan geçdi
Ammar, Hytaý (Surat: INTERFAX)

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 2 milliard 228 million 8 müň ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär.

2026-njy ýylyň mart aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 672 million 93 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Haryt dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Hytaýa jemi 1 milliard 895 million 862 müň dollarlyk önüm iberdi. Şol bir döwürde Hytaýdan import edilen harytlaryň möçberi takmynan 332 million 344 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 10 milliard 46 million 52 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

2022
ENG TM РУС