Belarusyň işewür wekiliýeti 2026-njy ýylyň 22–28-nji maý aralygynda Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrar. Bu sapar Belarus Söwda-senagat edarasynyň Minsk bölümi tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde, şeýle hem Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň goldawy bilen guralýar.
Belarus Söwda-senagat edarasynyň habar bermegine görä, saparyň maksatnamasyna laýyklykda wekiliýetiň Türkmenistanyň paýtagtynyň ösüşiniň giň ugurlaryny öz içine alýan “Ak şäher – Aşgabat” atly halkara sergä gatnaşmagy göz öňünde tutýar.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň meýdançasynda türkmen işewürleri bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem belarus kompaniýalarynyň gyzyklanma bildirýän degişli ýerli kärhanalaryna baryp görmek göz öňünde tutulýar.
Mundan ozal, belarus işewür wekiliýeti şu ýylyň 14–20-nji mart aralygynda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy. Şol saparyň çäklerinde belarus kompaniýalarynyň türkmen bazaryna çykmagy üçin görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.

















