Türkmen kompaniýalary “B2B Exchange” formatynda britan işewürleri bilen duşuşarlar

BT
Türkmen kompaniýalary “B2B Exchange” formatynda britan işewürleri bilen duşuşarlar
Türkmen kompaniýalarynyň wekilleri "UK Technology Conference 2020" maslahatynda

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylyň 9–16-njy maý aralygynda türkmen işewürinden ybarat bolan wekiliýetiň Beýik Britaniýa saparynyň boljakdygyny mälim etdi. Saparyň çäklerinde iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen B2B görnüşindäki maksatly iş duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Londonyň iň iri işewür birleşikleriniň biri bolan we özünde 2300-den gowrak kompaniýany jemleýän Günbatar Londonyň Söwda edarasy türkmen kompaniýalary bilen B2B görnüşinde geçiriljek duşuşyklara gatnaşjak britan kompaniýalarynyň sanawuny taýýarlaýar.

Beýik Britaniýa amala aşyryljak sapara gatnaşmak üçin dokma senagaty, oba hojalygy, gurluşyk, bilim we syýahatçylyk ugurlarynda iş alyp barýan türkmen kärhanalarynyň ýolbaşçylary çagyrylýar. Gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar uktour.turkmenexpo.com web sahypasy arkalay hasaba durup bilerler we hasaba alyş 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli dowam eder.

Goşmaça maglumat almak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna +993 61 77 60 88 telefon belgisi ýa-da ferd2@cci.gov.tm elektron salgy arkaly, şeýle hem “TurkmenExpo” kompaniýasyna +993 71 87 18 14 telefon belgisi ýa-da trademission@turkmenexpo.com elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

2022