Türkmenistan we “Apple” kompaniýasynyň halkara bilim maksatnamasy bolan “Apple Developer Academy” akademiýasy sanly tehnologiýalar we programmirleme ulgamy boýunça hünärmenleri taýýarlamakda, şol sanda amaly başarnyklary ösdürmek babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Degişli meselä Neapol şäherinde Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekowyň Fridrih II adyndaky Neapol uniwersitetiniň ýanynda hereket edýän “Apple Developer Academy” akademiýasynyň bilim maksatnamasynyň ylmy direktory Jorjo Wentre bilen duşenbe güni geçiren duşuşygynda garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasy habar berdi.
Saparyň çäginde Fridrih II adyndaky Neapol uniwersitetiniň rektory, professor Matteo Lorito bilen hem duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Neapol uniwersitetiniň arasynda ylym, oba hojalygy we durnukly ösüş ugurlary boýunça akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyklaryň netijesinde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny giňişleýin işläp taýýarlamak maksady bilen iki ýurduň ylym-bilim jemgyýetleriniň wekilleriniň özara saparlaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy.
“Apple Developer Academy” — “Apple” kompaniýasynyň halkara bilim maksatnamasy bolup, ol mobil goşundylary işläp düzmek bilen bir hatarda dizaýn we telekeçiligiň esaslaryny öwretmäge gönükdirilendir. Oňa gatnaşyjylar maglumat tehnologiýalary ulgamynda geljekki hünärleri üçin amaly başarnyklary öwrenýärler.

















