Aşgabat şäherinde sentýabr aýynda 10 sany ýaşaýyş jaýy açylar

BT
Aşgabat şäherinde sentýabr aýynda 10 sany ýaşaýyş jaýy açylar
“Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy, 2023-nji ýylyň 22-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda şu ýylyň sentýabr aýynda on sany ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlanar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Meýilnama laýyklykda, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, her biri 36 öýli, 4 sany 9 gatly, her biri 54 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň we 2 sany 9 gatly, her biri 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmana beriler.

Şeýle hem şu ýyl Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň we 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, şeýle-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň gurluşygyny tamamlap, ulanyşa bermek göz öňünde tutulýar.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirdki wagtda mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň, sport we beýleki durmuş desgalarynyň gurluşygy işjeň dowam etdirilýär.

2022
ENG TM РУС