2026: Aşgabatda umumybilim berýän mekdepleriň sanynyň 160-a ýetmegine garaşylýar

BT
2026: Aşgabatda umumybilim berýän mekdepleriň sanynyň 160-a ýetmegine garaşylýar
Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdebinde geçirilýän sapakdan bir pursat

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şährinde 2026-njy ýylda umumybilim berýän mekdepleriň sanynyň 160 birlige deň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Şeýle hem bilim ulgamynda şu ýylda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sanynyň 193 birlige, sport mekdepleriniň sanynyň 21 birlige deň bolmagy göz öňüne tutulýar.

Mundan başga-da, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň gurluşygyny tamamlap, ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, häzir Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, ony bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçiliktehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

2022
ENG TM РУС