Özbegistan we Kuweýt Türkmenistandan üstaşyr azyk üpjünçiligini göz öňünde tutýarlar

BT
Özbegistan we Kuweýt Türkmenistandan üstaşyr azyk üpjünçiligini göz öňünde tutýarlar
Ýükleriň daşalmagy (Surat: perevozka24.uz)

Özbegistan we Kuweýt Türkmenistan arkaly geçýän ulag ugruny ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem Eýran ýa-da Türkiýe we Yrak arkaly geçýän alternatiw ugurlary ara alyp maslahatlaşýarlar.

Degişli meselä Özbegistanyň Kuweýtdäki ilçisi Aýubhon Ýunusowyň Kuweýtiň söwda we senagat ministri Osama Halid Abdulla Budai bilen geçiren duşuşygynda garaldy. Bu barada “Dunyo” agentligi habar berdi.

Duşuşykda bu başlangyjyň özbek azyk önümleriniň Aýlag ýurtlaryna eksportyny giňeltmäge gönükdirilýändigi we  Kuweýtiň bu ulag geçelgesiniň ösdürilmegini goldaýandygy beýan edildi.

Kuweýti üstaşyr merkez hökmünde peýdalanmagyň özbek önümleriniň Saud Arabystany, Katar, Bahreýn, BAE we Oman bazarlaryna göni çykmagyny üpjün edip biljekdigi bellenildi.

2022