Türkmenistan Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýol ugruny döwrebaplaşdyrmagy hem-de 160 km/sag tizlikli ýolagçy otlularyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý işewürlik forumynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow habar berdi.
Mämmet Akmämmedowyň aýtmagyna görä, esasy taslamanyň çäginde demir ýoluň günbatar ugruny doly täzelemek we ýük otlularynyň tizligini 90 km/sag çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Taýýarlyk işleriniň çäklerinde tehniki-ykdysady esaslandyrmany işläp taýýarlamak üçin halkara bäsleşik yglan edildi.
Döwrebaplaşdyryş işleri Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ulag geçelgesiniň bir bölegi hökmünde garalýan Türkmenabat ugry boýunça gündogar tarapy hem öz içine alar.
Bu taslama hereketi dolandyrmagyň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmak, infrastrukturany täzelemek we demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly ileri tutulýan wezipeleri öz içine alýar.
Mämmet Akmämmedow Türkmenistanyň Hytaý bilen hyzmatdaşlygy pudagyň ösüşiniň möhüm bölegi bolup galýandygyny aýtdy we Türkmenistanyň hytaý lokomotiw öndürijileri bilen 20 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, häzirki wagtda ýurduň demir ýol ulgamynda Hytaýda öndürilen 180 sany lokomotiwiň we 423 sany wagonyň bardygyny habar berdi.
Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň habar bermegine görä, 2026-njy ýylda CRRC hytaý kompaniýasynyň zawodlarynda 20 sany teplowoz üçin düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, şeýle hem bäş sany täze ýük dizel lokomotiwlerini satyn almak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem ministr Hytaý tarapynyň Hytaý — Merkezi Aziýa — Ýewropa ugrunyň ulanylyşyny çuňlaşdyrmak üçin hökümetara ylalaşyga gol çekmegi teklip edendigini we munuň Türkmenistanyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda baglanyşdyryjy ýurt hökmünde ornuny berkitjekdigini aýtdy.
Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly milli demir ýol ulgamyny halkara ulag geçelgeleri, şol sanda “Lapis Lazuli” geçelgesi, TRACECA, şeýle hem Demirgazyk–Günorta we Gündogar–Günbatar halkara ulag geçelgeleri bilen utgaşdyrmakda esasy halka bolup hyzmat edýär.

















