Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasy syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

BT
Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasy syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär
Seýşeller Respublikasy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen geçiren duşuşygynda syýahatçylyk ugurda tejribe alyşmak hem-de geljekde syýahatçylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça seýşeller tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Seýşeller Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyna ünsi çekip, ýangyç-energetika toplumyny, himiýa we dokma senagatyny, oba hojalygyny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi. Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, seýşeller tarapyny ýurdumyzda geçirilýän sergilere we halkara maslahatlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022