Türkmenistan we Koreýa Respublikasy gämi gurluşygynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

BT
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy gämi gurluşygynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
Türkmenistanda gämi gurluşyndan bir pursat

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy gämi gurluşyk pudagynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Bu meselä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasary Batyr Annaýew bilen Koreýa Respublikasynyň ilçisi Li Wonjeniň arasynda çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda garaldy.

Şeýle hem taraplar demir ýol, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça pikir alyşdylar

Häzirki wagtda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” paýdarlar jemgyýeti Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.” kompaniýasy bilen bilelikde hersiniň ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämisini gurýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС