Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–mart aýlarynda 357,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda habar berilýär.
Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 312,8 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 44,7 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 18 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 471 million ABŞ dollary möçberinde ýa-da 2,7% ýokarlandy.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2025-nji ýylda 1,203 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

















