Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýewiň hasabatyny diňläp, ýurduň bazarlarynda, söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk harytlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Nökerguly Atagulyýewiň hasabatyna görä, şu ýylyň dört aýynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 109,2 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy.
Wise-premýer Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 103,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,2 göterim, nah matalaryňkyda 100,5 göterim, gön önümleriniňkide 103,1 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny aýtdy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 119,8 göterime barabar boldy we 7 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy.
Mundan başga-da Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















