Türkmen wekiliýeti London we Daşkent şäherlerinde geçiriljek atly ýaryşlara gatnaşar

BT
Türkmen wekiliýeti London we Daşkent şäherlerinde geçiriljek atly ýaryşlara gatnaşar
Windzor atly halkara oýunlary we atly ýaryşlary, 2025-nji ýylyň 15-18-nji maýy, Beýik Britaniýa (Surat: "Royal Windsor Horse Show")

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor atly halkara oýunlaryň we atly ýaryşlaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini we oňa türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda agzalan çäreleriň çäginde ahalteke atlaryna we türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan serginiň geçirilmegi boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly  Atahallyýew türkmen tarapynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşmagy ugrunda zerur işleriň alnyp barylýandygy barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen baglylykda, 16-17-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherine, şeýle-de 9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde boljak iş saparyna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň dört aýynda Türkmenistanda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022
ENG TM РУС