Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze prokurorlaryny wezipä belledi we wezipeden boşatdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze prokurorlaryny wezipä belledi we wezipeden boşatdy
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi, 2026-njy ýylyň 6-njy maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni ýurduň prokurorlaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, 2-nji derejeli ýurist Döwrangeldi Kakageldiýew Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurory wezipesine bellenildi, şeýle hem ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahat Şyhmyradowiç Karyýew bu wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, ýustisiýanyň geňeşçisi Nejep Mämmetamanowiç Taýlyýew Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Perhatberdi Ahmetberdiýewiç Mededow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Aýmyrat Baýmyradowiç Sähedow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Çaryýarmuhammet Orazmuhammedowiç Garajaýew Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

Şeýle hem ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nowruz Gurbanowiç Amanow Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Agamyrat Italmazowiç Abdyllaýew Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Mundan başga-da, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şöhrat Sapardurdyýewiç Taýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň prokurory wezipesinden, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Toýly Allaberdiýewiç Bäşimow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesinden, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahim Çaryýarowiç Çaryýew Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022