Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa bilen köpugurly we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklary, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki dialogy strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek halkara çäreleriň ähmiýetini belledi. 2026-njy ýylyň oktýabrynda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine Prezident Wladimir Putiniň gatnaşmagyna garaşylýar diýlip, habarda bellenilýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa köp ýyllaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen bir hatarda, birnäçe ulgamlar boýunça özara tejribe alşylýar.
Söwda-ykdysady ugur türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Medeni-ynsanperwer ulgam hem hyzmatdaşlygyň wajyp bölegi bolup durýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy birnäçe teklipleri beýan etdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

















