Türkmen kompaniýalary Astanada geçiriljek ulag-logistika forumyna gatnaşmaga çagyrylýar

BT
Türkmen kompaniýalary Astanada geçiriljek ulag-logistika forumyna gatnaşmaga çagyrylýar
"Silk Road in the Sky – Kazakhstan Cargo Hub" forumy, 2024-nji ýylyň 20-nji iýuny, Astana, Gazagystan (Surat: inform.kz)

Türkmen kompaniýalary 2026-njy ýylyň 9–10-njy iýulynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçiriljek “CENTRAL ASIA TRANSPORT, LOGISTICS & INVESTMENT FORUM 2026” atly halkara maslahata we sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada “Türkmen Logistika” assosiasiýasy çarşenbe güni habar berdi.

Forum Merkezi Aziýanyň ulag geçelgelerini ösdürmek, pudaga maýa goýum mümkinçilikleri artdyrmak, B2B duşuşyklaryny geçirmek we halkara işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle hem bazaryň gatnaşyjylarynyň arasynda tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler.

Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň (TLA) agzalaryna çärä gatnaşmak üçin 10 göterim arzanladyş göz öňünde tutulýar.

Forumyň 25-den gowrak ýurtdan döwlet edaralarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, öňdebaryjy logistika operatorlarynyň, maýadarlaryň we infrastruktura kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlemegine garaşylýar. “APK-Inform” agentliginiň habar bermegine görä, çärä ulag-logistika ulgamynyň 200-den gowrak bilermenleri we hünärmenleri gatnaşar.

“CENTRAL ASIA TRANSPORT, LOGISTICS & INVESTMENT FORUM 2026” – Merkezi Aziýanyň ulag-logistika pudagynyň geljegini hem-de onuň dünýä söwda ugurlaryna integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitdäki öňdebaryjy meýdançalaryň biri hökmünde garalýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС