Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa penşenbe güni Kazan şäherinde ozal Tatarystanyň Baştutanyna sowgat berlen Ak dost atly ulalan alabaý görkezildi. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystana ýene-de iki sany alabaýy ibermek barada karar kabul etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ak reňkli alabaý güjügi Rustam Minnihanowa 2021-nji ýylda sowgat beripdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly XVII halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazana bardy.

















