Türkmen telekeçileri 12–17-nji maý aralygynda Kazan şäherinde geçirilýän “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumynyň çäklerinde guralýan sergä gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň pawilýonynda Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulline elde dokalan milli halylar hem-de ýurduň däp-dessurlaryny we häzirki zaman ösüşini şöhlelendirýän beýleki önümler görkezildi. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Rustam Minnihanow, Marat Husnullin we beýleki resmi adamlar Omanyň we Türkiýäniň ekspozisiýalary bilen hem tanyşdylar. Soňra wekiliýet Russiýanyň Kirow we Penza welaýatlarynyň, Garaçaý-Çerkes Respublikasynyň hem-de Mordowiýanyň diwarlyklaryny synlamagy dowam etdiler.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow “Kazan Halal Market” halkara ýarmarkasyndaky Türkmenistanyň pawilýonyna hem baryp gördi.

















