Britan kompaniýalary işewürlik sapary bilen Türkmenistana gelerler

BT
Britan kompaniýalary işewürlik sapary bilen Türkmenistana gelerler
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Stiwen Konlon, 2026-njy ýylyň 14-nji maýy, London, Beýik Britaniýa

Günbatar London Söwda edarasy britan kompaniýalarynyň Türkmenistana işewürlik saparyny guramagy meýilleşdirýär. Bu barada Günbatar London Söwda edarasynyň başlygy Kristofer Dýorkin penşenbe güni Londonda türkmen telekeçileri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda mälim etdi.

Guramaçylaryň habar bermegine görä, Dýorkin britan işewürleriniň Türkmenistana saparynyň Londonda ýola goýlan işewür gatnaşyklarynyň dowamy bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açjakdygyny aýtdy.

Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylaryň öňünde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Stiwen Konlon çykyş etdi. Tanyşdyrylyş dabarasynda diplomat britan tarapynyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça häzirki çemeleşmesi barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol britan hyzmatdaşlary bilen işleýän kompaniýalara maliýe gurallaryny hödürleýän Beýik Britaniýanyň döwlet eksport-karz agentligi bolan “UK Export Finance-iň” mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

“UK–Turkmenistan B2B Trade Mission” işewürlik sapary Günbatar London Söwda eadarasy we “TurkmenExpo” kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde bilelikde guraldy.

2022
ENG TM РУС