Stambul UEFA Ýewropa ligasynyň jemleýji oýnuna taýýarlanýar

BT
Stambul UEFA Ýewropa ligasynyň jemleýji oýnuna taýýarlanýar
Stambul, Türkiýe (Surat: yenicaggazetesi.com)

Stambul 20-nji maýda “Beşiktaş Park” stadionynda geçiriljek UEFA Ýewropa ligasynyň jemleýji duşuşygyna işjeň taýýarlyk görýär. Jemleýji oýunda Germaniýanyň “Fraýburg” topary bilen Angliýanyň “Aston Villa” topary duşuşar. Jemleýji oýny tomaşa etmäne dürli ýurtlardan janköýerleriň gelmegine garaşylýar hem-de bu waka şäheri uly janköýerleriň toplanan ýerine öwürer. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy anna güni habar berdi.

Myhmanlar futboldan başga-da, Stambulyň medeni mirasy bilen tanşyp bilerler. Esasy gözel ýerleriň arasynda Aýa-Sofiýa, Gök metjit, “Topkapy” köşgi we “Bazilika Sisternasy” bar. Şeýle hem Balat we Fener etraplary, Bosfor boýunça gezelençler hem-de Şazadalar adalaryna syýahatlar uly meşhurlykdan peýdalanýar.

Şäher Grand bazardan we Müsür bazaryndan başlap, häzirki zaman söwda nokatlary bolan Nişantaşy hem-de Taksime çenli aralykda söwda etmek üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.

Stambulda dürli görnüşli tagamlar hem-de ýokary derejeli restoranlar bolup, UEFA Ýewropa ligasynyň jemleýji oýnunyň geçiriljek gününde Istiklal köçesi we Beşiktaş etraby janköýerleriň esasy ýygnanýan merkezlerine öwrüler.

2022
ENG TM РУС