Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow 12–17-nji maý aralygynda Kazanda geçirilýän “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän sergidäki “Eziz doganlar keramika” hojalyk jemgyýetiniň diwarlygyna baryp gördi. Bu barada kompaniýanyň wekili “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Rustam Minnihanow bilen bilelikde ekspozisiýa Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin we Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ministri Irek Faýzullin hem türkmen kompaniýasynyň diwarlygyny synladylar.
Kompaniýanyň wekilleri myhmanlary öz önümleri bilen tanyşdyrdylar we Türkmenistanyň iri keramika önümlerini öndürijisi bolan “Eziz doganlar keramika” kompaniýasynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler.

Sergide “Eziz doganlar keramika” kompaniýasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän keramika zawodynyň bezeg plitalary we sanfaýans önümleri görkezildi. Kärhana daşary ýurtlaryň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, halkara hil standartlaryna laýyk gelýän önümleri öndürmäge gönükdirilendir.
Täze zawod 2025-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Taslama Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýrmasy esasynda amala aşyryldy hem-de italiýaly “SACMI Imola S.C.” kompaniýasynyň enjamlary bilen üpjün edildi.
Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 3,3 million inedördül metr keramiki plitany we 120 müň birlik sanfaýans önümlerini öndürmäge giň mümkinçilik berýär. Zawod takmynan 30 gektar meýdanda ýerleşip, bu ýerde önüm öndürmek üçin ýerli çig mal ulanýar. Kärhanada 450-den gowrak hünärmen zähmet çekýär we önümçilik işleri sanly tehnologiýalar we emeli aň elementleriniň ulanylmagy arkaly doly awtomatlaşdyrylan ýagdaýda alnyp barylýar.

















