Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryna Uttar-Pradeş ştatyndaky weýrançylyklar zerarly gynanç bildirdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryna Uttar-Pradeş ştatyndaky weýrançylyklar zerarly gynanç bildirdi
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Uttar-Pradeş ştatynda bolup geçen güýçli tupanlaryň we ýagyşlaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

“Indian Express” gazediniň anna güni habar bermegine görä, Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda bolup geçen güýçli tupanlar we ýagyşlar zerarly 111 adam aradan çykdy, 72 adam hem dürli derejeli şikesler aldy. 

Güýçli tupanlar we ýagyşlarzerarly betbagtçylyk Praýagraj, Mirzapur, Bhadohi, Fatehpur etraplarynda hem weýrançylygy emele getirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022