Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni sapar bilen Londona bardy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Aşgabat halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.
Birnäçe sagatdan soň, Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Londonyň halkara howa menziline gondy.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapar Edinburg gersogy şazada Eduardyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, Beýik Britaniýa Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

















